Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplaýar. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar.