Durnukly ösüşde ýaşlaryň orny

7 Iýun 2024
856

Öňňin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýerli hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi.

Indi ikinji gezek guralan bäsleşigiň esasy maksady ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, ýerli we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has işjeňleşdirmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere, hünäre höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Onuň birinji tapgyryna ýurdumyzyň hem-de Özbegistan, Russiýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Koreýa, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 130 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyra 38 sany ylmy-taslama işi saýlanyp alyndy. Onuň netijeleri boýunça 19 awtor ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 5-si daşary döwletleriň, 14-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işidir. Birinji orna 4, ikinji orna 6, üçünji orna 9 ylmy-taslama işi mynasyp görüldi. Ýeňijiler W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaşlarydyr. Öňe çykanlar «AktinoBio» innowasion mikrobiologik döküniniň arid çäkde agroekoulgamlaryň fitosanitar optimizasiýasy üçin biologik täsirine baha bermek, miweli baglaryň ýokary hasylly görnüşleriniň nahallaryny köpeltmegiň usullaryny işläp düzmek, galyndylardan taýýarlanan organomineral döküniň gök ekinleriň hasyllylygyna täsiri, nanotehnologiýanyň esasynda ösümliklerden nanoölçegli iýmit goşundylaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri bilen üstünlik gazandylar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Hasan MAGADOW.