Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

6 Iýun 2024
1111

Häzir dünýäde ekologiýa meseleleriniň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda her ýyl ýaş agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk dabarasyna badalga berilýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde ýaşyl tokaý zolaklary döredilip, howanyň hilini gowulandyrmaga we biodürlüligi gorap saklamaga uly üns berilýär.

5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa, bu babatda edilen ajaýyp işdir. Galyberse-de,  bu waka ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga döwletimiziň ygrarlydygynyň ýene-de bir güwäsidir.

Süleýman ÇÜRIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.