Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen türkmen paýtagtynyň barha täzelenýän keşbine gözellik çaýýar. Tebigy belentlikde dikilen dünýä akyldarynyň bürünç heýkeli dana halkymyzyň söz sungatyna goýýan belent sarpasynyň nyşany hökmünde kalplarymyza ganat berýär.
Haktagala tarapyndan gudratyna keramat-käni berlen sözüň güýji, onuň bakylygy adamzat döräp, asyrlardan-asyra ykrar edilen beýik hakykatdyr. Jaýdar aýdylan pähim-parasatly sözler älem pelegini ýagtyldyp duran Gün mysaly baky.