Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsinden aýawly peýdalanmak, onuň baýlyklaryny gorap, gözelliklerini geljekki nesillere miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Suwa, ýere, baglara, haýwanat dünýäsine seresap çemeleşmelidigini ündäpdirler.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy goramak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly käbir ýüze çykýan ýagdaýlara garşy göreşmek baradaky bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr.