Sport — sagdynlygyň gözbaşy

17 Aprel 2024
722

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelentligi we sagdynlygy özlerine hemra edinen Watan goragçylary bu günki gün ýurdumyzda guralýan sport çärelerine ýokary işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Ýaňy-ýakynda 2024-nji ýylyň esasy çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde guralan sport bäsleşikleri ruhubelentlige beslendi. Sportuň şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, 16 kilogram agramlyk daşy götermek we ýeňil atletika görnüşleri boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Harby türgenler çalasyn we ynamly hereketleri bilen, öz ezberliklerini görkezdiler. Munuň özi harby gullukçylaryň diňe bir beden taýdan berkemegine däl-de, eýsem, öz erk-isleglerini pugtalandyrmagyna, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmek bilen, erjel we tutanýerli bolmagyna ýardam berdi.

Şeýle hem harby gullukçylar bilen sport maşklarynyň saglyga peýdasy, dogry iýmitlenmek, ynsan saglygynyň girewi bolan arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, wagtynda ukyňy almak, gündelik durmuşda gün tertibinden sporta, bedenterbiýe maşklaryna orun bermek, zyýanly endiklerden daşda durmak boýunça lukmançylyk gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklary we serkerdeleriň arasynda ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýan welosipedli ýörişler guramaçylykly amala aşyryldy. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çärelerine işjeň gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan bölümçeler harby bölümiň serkerdesiniň buýrugy bilen sylaglanyldy.

Atageldi ÖWEZOW,
kapitan.