Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy, kämil bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ajaýyp netijeleri berýär. Ata Watanymyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmeginiň netijesinde bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetilýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler, okuw-usulyýet enjamlary bilen üpjün edilen, internet ulgamy birikdirilen okuw otaglary bilim berlişiniň hilini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmäge, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ulgama ylmyň täze gazananlaryny, innowasion usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys» diýip bellemek bilen, ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Munuň üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.