Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleriň netijesinde ýaşyl bagy- bossanlyklar, tokaý zolaklary emele gelýär. Her ýylyň bahar paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresi ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup durýar.
Zähmetsöýerlik — owal-ahyr adamy bezeýän iň ajaýyp häsiýetleriň biri. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerine dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiziň ýokary ruhubelentlikde, işjeň ýagdaýda gatnaşýandyklaryny görüp, halkymyza mahsus şol ajaýyp häsiýetleriň nesilden-nesle geçirilip, görelde mekdebine öwrülýändigine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Bu asylly däp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly maksatlara gönükdirilendir. Bularyň ählisi ynsan durmuşyny bagçylykdan, tebigy gözelliklerden üzňe göz öňüne getirip bolmaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki ekologiýa abadançylygy bagtyýar hem sagdyn ýaşaýşyň kepilidir.