Çarlak tokaýy

24 Oktýabr 2023
1175

Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerleri barada näçe aýtsaň, aýdybermeli. Aýratyn goralýan tebigy meýdanlar hökmünde ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda goraghanalara uly üns berilýär. Golaýda, ÝUNESKO-nyň Biosfera goraghanalarynyň bütindünýä ulgamyna girizilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýada döredilen ilkinji goraghanadyr. Bu goraghananyň tutýan meýdany öz içinde aýratyn tebigy meýdançalara bölünýär. «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Günorta jülgesi», «Repetek saharasy» ýaly aýratyn goralýan tebigy meýdanlar biri-birinden tebigy keşbi, gözelligi bilen tapawutlanýarlar.

«Çarlak tokaý» goraghananyň meýdany merkezi bagyndan 8 – 10 kilometr gündogar tarapda ýerleşendir. «Çarlak tokaýyna» goraghananyň merkezinden gumak ýol arkaly baryp bolýar. Sebäbi bu tokaý gara ýoldan uzakda ýerleşýär. Käbir ylmy edebiýatlarda tokaýyň «Çarlak» ady bu ýerde mesgen tutan çarlak guşlarynyň ady bilen baglanyşdyrylýar. «Çarlak tokaýynyň» tutýan meýdany 450 gektara golaý bolup, bu sähralyk tokaýy beýleki käbir ylmy çeşmelerde «geografiki täsinlikleriň watany» diýlip hem atlandyrylýar. Goraghananyň bu meýdany özüniň örän ajaýyp tokaýlary bilen tapawutlanýar. Bu sebit goraghananyň ösümlik dünýäsine baý meýdanlarynyň biridir. Bu ýerde adaty gulanguýruk, Lemanyň garnyýarygy, ak gandym, türküstan yşgyny, Kareliniň çomujy, çopantelpek, ak sazak, gara sazak ýaly ösümlikler beýleki meýdanlara garanda, has köp ösýärler.

Muhammethatam MEREDALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.