Gaplaňgyr — gözellige baý

19 Oktýabr 2023
1202

Welaýatymyzyň çäginde özboluşly tebigy ýerleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy hereket edýär. Bu ýerde ýylyň dowamynda tebigatda bolup geçýän ähli hadysalara yzygiderli gözegçilik geçirilýär. Goraghana 1979-njy ýylda döredilip, onuň esasy maksady Üstýurt dag goçuny (aýragy), keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny köpeltmekden ybaratdyr.

Goraghananyň 2 sany meýdançasy bar. Gulan-takyr (meýdany 222 335 gektar) we Gaplaňgyr (meýdany 53 400 gektar). Goraghananyň garamagynda Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary hem bar. Sarygamyş döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1981-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady suw guşlaryny, keýikleriň köpelýän ýerlerini goramakdan ybarat. Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasy bolsa 1983-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady toýnakly haýwanlaryň, şol sanda gulanlaryň goragyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar. Goraghananyň we iki sany çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda häzirki wagtda ösümlikleriň 400 görnüşi ösýär. Olaryň köp bölegini selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasy tutýar. Gaplaňgyrda, esasan, gara sazak, gandymyň dürli görnüşleri, çerkez, buýurgyn, otjumak ösümlikleriň görnüşleri giňden ýaýrandyr. Bu ýerde seýrek duşýan ösümlikler hem bar. Ýagny, goraghananyň we çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda şeýle ösümliklerden hywa şorasy, çägemik, Eýhwaldyň sözeni ýaly ösümlikler duş gelýär. Olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Goraghanada bu ösümlikleriň täze bitýän ýerlerini gözläp tapmak we hasaba almak işi alnyp barylýar. Olardan çägemigi medeni zolakda ösdürip ýetişdirmek we tebigy ýagdaýda ösmäge ýaramly ýerlerine göçürmek boýunça işler synag edilýär.

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň uly hünärmeni.