Jümle-jahan habarlary

11 Oktýabr 2023
1092

Hytaýyň çaý tokaýlyklary

Hytaýyň Szinman daglygyndaky çaý tokaýlyklary dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerde X asyrdan bäri iri ýaprakly çaý agaçlaryny ösdürip ýetişdirmeklik ýerli ýaşaýjylaryň esasy däbi hökmünde dowam etdirilip gelinýär. Çaýyň watany hasaplanylýan Szinman Hytaýda çaý medeniýetiniň dörän we ösen, ýokary hilli çaýlaryň ýetişdirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu köp ýyldan bäri ýurduň söwda pudagynyň ösmegine hem oňyn täsir edip gelýär. Umumylykda 1231 gektar meýdany eýeleýän bu medeni zolagyň iň beýik ýeri deňiz derejesinden 1662 metr ýokardadyr. Onuň her gektarynda çaý agaçlarynyň 1000 düýbi ösüp, iri ýaprakly çaý agaçlarynyň jemi 1200 müňden gowragyndan hasyl alynýar. Agaçlaryň her biriniň beýikligi 2—5, şahalarynyň eýeleýän diametri 2—6 metre ýetýär. Käbiriniň beýikligi-de, diametri-de 12 metre barabardyr. Bu agaçlardan her ýylda gök çaýyň ýüzlerçe tonnasy ýygnalýar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).