Seýrek duşýan täsin guş

2 Awgust 2023
2050

Tebigatyň janly gözellikleriniň biri bolan soltantowuklar ir döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Durnaşekilliler toparynyň suw towuklary maşgalasyna degişli bolan bu guşlar sakarbarakdan biraz ulurak bolup, olaryň öý towuklaryna çalym edýän görnüşi hem bar. Aýaklary uzyn, barmaklarynyň arasy ýüzgüç perdesiz bolsa-da, soltantowuk suwda ýüzmegi, çümmegi hem başarýar. Howp abananda çalt uçsa-da, uzaga gidip bilmeýär. Ýerden göterilip, onlarça metr uçanyndan soň gonup ýene-de bukulýar.

Soltantowuklar köplenç oturymly, kämahal oturymly-göçýän guş hasap edilýär. Olar hemişe bukuda ýaşaýarlar. Şonuň üçinem olara tebigatda sataşmak aňsat däl. Ýurdumyzda bu guşlara Hazar deňziniň hem-de Garagum çölüniň pesliklerindäki zeý we syzyndy suwdan emele gelen kölleriň kenarýakalaryndaky gamyşlyklarda duş gelmek mümkindir. Şeýle hem Tejen, Murgap, Amyderýa jülgelerine aralaşýarlar hem-de şol ýerlerdäki suw aýtymlarynyň kenarlaryndaky gamyş jeňňelliklerinde ýaşaýarlar. Jübüt bolup, jeňňelliklerdäki gamyş, ýeken üýşmeklerinde höwürtgeleýärler. Höwürtge gurmaga, ýumurtga basmaga horazy hem-de mäkiýany — ikisi-de işjeň gatnaşýar. Olaryň köpeliş döwri aprelden iýun aýyna çenli dowam edýär. Höwürtgelerinde 3-6, käte 9 sany goňur menekli, çyparrak ýumurtgalary goýýarlar. 22-25 günden soň ýumurtgadan çykan jüýjelerini gezekli-gezegine iýmitlendirýärler. Olar, esasan, suw ösümlikleriniň baldaklary, tohumlary, kökleri, suwdaky we gury ýerdäki oňurgasyz jandarlar bilen iýmitlenýärler.

Aýgül Myradowa,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.