Maşgalany goramak — geljegi goramak

19 Iýul 2023
1359

Türkmen halky asyrlarboýy maşgala terbiýesine aýratyn üns berip, onuň ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özgerdip, nesilden-nesle geçirip gelýär. Maşgalada çaga milli däp-dessurlarymyz we edim-gylymlarymyz esasynda terbiýelenilýär. Çünki maşgala — bu birek-birege goldaw bermek, jemgyýet, halk, Watan ýaly mukaddes düşünjeleri özüne baglaýar.

Ata-enä bolan sylag-hormat adamyň iň ajaýyp häsiýetleriniň biridir. Köneleriň aýdyşlary ýaly, ataňy begendirseň, Gudraty güýçliniň merhemeti artar, eneňi begendirseň, Pygamberiň rehimdarlygy artar. Öz borjuňy yhlas bilen ýerine ýetirmek, ynsana kömek edip, lebziňe ygrarly bolmak, ata-eneňe, Watanyňa wepalylyk — bu halkymyzyň milli aýratynlygydyr.

Atajan JORAÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.