"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Elekt­rik­li ula­gyň ba­za­ry gi­ňe­ýär

Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka gu­ra­ma­sy­nyň dün­ýä möç­be­rin­dä­ki elekt­roulag­lar bo­ýun­ça taý­ýar­lan ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 2030-njy ýy­la çen­li elektroulag­la­ryň umu­my sa­ny 145 mil­lio­na ýe­ter. Soň­ky ýyl­lar­da meş­hur­lyk ga­za­nan elektrou­lag­la­r bu ugur­da iş alyp bar­ýan köp san­ly kom­pa­ni­ýa­la­ra uly ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Gel­jek­de şeý­le ulag­la­ryň zar­ýad müm­kin­çi­lik­le­ri ba­bat­da tä­ze çe­me­leş­me­ler ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da, has köp elekt­roulag peý­da bo­lup, ola­ryň bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ra­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +30... +32° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Bagy-bossan paýtagtym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we obalarynyň ekologiýa gurşawyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda agaç nahallaryny oturtmak we ekilen agaçlara ideg etmek işleri üstünlikli berjaý edilýär. Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Berkarar Diýarymyzyň ähli welaýatdyr etrap merkezleri, obalary, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň jana melhem ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Bu ugurda bitirilýän beýik işler kalbymyzda ata Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy joşduryp, uly rowaçlyklara röw

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 6-12-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +35...+37o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+21o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+33o-dan +34...+36o aralygynda maýyl bolar.

Arassa ekologiýa — sagdyn geljek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen toýlara baý 2021-nji ýyl dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň alyp barýan baş syýasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns merkezinde saklaýan ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä derejesindäki ynsanperwer syýasat hökmünde giňden dabaralanýar. Al-elwan güllere gark bolup, hoşboý ysy bilen burk urýan ajaýyp baharlarda, bereket hazynasyny joşdurýan sary meňiz güýzlerde ynsan göwni has-da galkynýar. Ata-babalarymyz tebigatymyzyň gadyr-gymmatyny örän belent saýypdyrlar. Häzirki döwürde halkymyz tebigat bilen adamyň arasyndaky baky sazlaşygy berjaý etmäge aýratyn üns berýär. Çünki tebigat adamzadyň ilkinji we umumy öýüdir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Go­raý­jy­ly­gy su­but edil­di

ABŞ-ly alym­la­ryň ge­çi­ren yl­my-bar­la­gy agyz-bu­run ör­tük­le­ri­niň ho­wa ar­ka­ly ýo­kuş­ýan dür­li ke­sel­le­riň, şol san­da ko­ro­na­wi­ru­syň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýan­dy­gy­ny su­but et­di. Bang­la­deş­de 340 müň ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bar­lag­da ör­tü­giň «Covid-19» ýo­kan­jy­nyň öňü­ni al­mak­da tä­sir­li­di­gi bel­le­nil­di. Bu ör­tük­le­riň 60 ýaş­dan uly adam­lar­da hem tä­sir­li­di­gi anyk­lan­dy. Bu bar­lag hä­zi­re çen­li bu ugur­da ge­çi­ri­len iň gi­ňiş­le­ýin yl­my iş ha­sap­lan­ýar. Yl­my işi ABŞ-nyň Ýel hem-de Sten­ford uni­wer­si­tet­le­ri­niň hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­dy. Mun­dan ozal ko­ro­na­wi­ru­syň peý­da bo­la­ny bä­ri di­ňe has­sa­ha­na­lar­da we la­bo­ra­to­ri­ýa­lar­da bu ugur­da göz­leg iş­le­ri ge­çi­ri­lip­di. Yl­my işe gat­na­şan­la­ryň 29 gö­te­ri­mi he­mi­şe ör­tük da­kyn­ýan eken. Hü­när­men­ler ör­tük da­kyn­ylma­gy­nyň has köp peý­da­sy­nyň bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler.

Ga­lyn­dy­la­r­ gaýtadan işleniler

Ita­li­ýa­da gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry oba ho­ja­ly­k önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ryn­dan ön­dü­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da zeý­tun ýap­rak­la­ry, sa­man we beý­le­ki oba ho­ja­ly­k önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­len­me­ýär. Ola­r köp­lenç ýakyl­ýar. Ba­ri şä­he­ri­niň po­li­teh­ni­ki ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry bu ga­lyn­dy­la­ryň hä­si­ýet­le­ri­ni öw­ren­ip, olaryň jaý gur­mak üçin ter­mi­ki izol­ýa­si­ýa we ses siň­di­ri­ji pa­nel­le­ri ön­dür­mek üçin ula­ny­lyp bil­ner di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler. Şeý­le pa­nel­le­ri ýa­sa­mak üçin hat­da goş­ma­ça çig mal hem ge­rek däl - zi­bi­li gysmak ar­ka­ly ma­te­ri­al ön­dürip bo­lar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Biz — döwletli döwranyň eýeleri

Ýene-de az wagtdan Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Taryh üçin ujypsyzja döwürde görlüp-eşidilmedik derejede kuwwatlanan ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşler gazanyldy. Ähli ugurlardaky uly özgertmeler taryhy eýýamyň ähmiýetli aýratynlyklaryna öwrüldi. Olar ýürekleri joşdurýar we kalplarda ýakymly duýgulary oýarýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler hem guwandyryjydyr. Her ýylyň bahar we güýz aýlary ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekişligi köpçülikleýin alnyp barylýar. Obalaryň, şäherleriň ýaşaýjylary ýaşaýan we zähmet çekýän ýerlerinde agaç nahallarynyň millionlarça düýbüni ekýärler. Ýowar geçirilýän günlerde oturdylýan saýaly, pürli, miweli agaçlar, hoşboý ysly güller Berkarar ýurdumyzyň tebigatynyň baýlyklarynyň üstüni ýetirip, gözelliklere gözellik goşýar. Bu hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalarynyň biridir.

Daşky gurşawyň abatlygy — halkyň rahatlygy

Döwletimiz bu wajyp ugurda halkara resminamalaryny tassyklamak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen netijeli gatnaşyklary giňeldýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan — daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşykly ösdürilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 736 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 30-y — sentýabr aýynyň 5-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +24...+26o aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+36o maýyldan +37...+39o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35o maýyldan +36...+38o aralygynda yssy bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 28-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Sagdyn ekologiýa — sagdyn ýaşaýyş

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly çemeleşmekden, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň esasy mazmuny bu ugurda degişli halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden, şeýle-de jemgyýetiň ruhy-ahlak terbiýesini ýokarlandyrmakdan, raýatlarda daşky gurşawa eýeçilik gözi bilen garamagyň medeniýetini, tebigata jogapkärçilikli çemeleşmek duýgusyny kemala getirmekden ybaratdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, degişli kanunçylyk binýady kämilleşdirilip, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghanasy hökmünde ygtybarly goralýar. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlykda işjeň orny eýelemek bilen, tebigaty goramak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Bu günki gün ýurdumyz biologik köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek

Türkmenistan — bagy-bossan

Gojaman Köpetdagyň ýaşyl begrese beslenen baýrynda birgeňsi bolup oturan birgiden baglardan ybarat tokaý zolaklaryny göreniňde, göwnüň göterilýär. Şol pursat halkymyzda sogaply iş hasaplanylýan bag ekmek işini ählihalk işine öwren hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alyp barýan asylly we döwletli işleriniň ýerine düşýändigine bolan buýsançly duýgular kalbyňy gaplap alýar. Alymlaryň kesgitlemegine görä, tokaýlar tomsuna gyzgynlygy 8,5 gradusa çenli azaldyp, gyşyna ýylylygy 2,8 gradusa çenli artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen, mähriban Diýarymyzy gurşap alýan tokaý zolaklarynyň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Türkmenistanda her bir düýp agajyň gadyry bimöçberdir. Çünki agaç gurakçylygyň, çölleşmegiň öňüni alýar. Baglar dem alýan howamyzy arassalamaga, tebigatymyzyň gözelleşmegi bilen birlikde, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkymyzyň saglygyny goramaga uly ýardam edýär. Daş-töweregimizi gurşap oturan daragtlaryň salkyn saýasy, jana şypa beriji arassa howasy bedenimizden ýadawlygy aýyrýar, işe ukyplylygymyzy artdyryp, kalbymyzda ruhubelentlik duýgusyny oýarýar. Hut şonuň üçin hem her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylyp, tokaý zolaklarynyň giňeldilmeginiň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Gar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

«Altyn asyr» Türkmen köli

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýa we tebigaty goramak meselelerini häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň hatarynda goýýar. Ýurdumyzda ýer, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biologiýa hem-de landşaft dürlüligini gorap saklamak, çölleşmäge we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça uly işler amala aşyrylýar. 2000-nji ýylyň awgust aýynda merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüni döretmek hakynda taryhy çözgüt kabul edildi. Onuň gurluşygynyň ilkinji tapgyrynyň açylyşy 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda boldy. Milli Liderimiz desganyň açylyş dabarasynda: «Bu desga geljek nesillerimiz üçin suw bolçulygyny döredip, ene topragymyzyň berekedini has-da artdyrar» diýip belläp geçdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 24-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30 %.