Ulag ulgamy — aragatnaşyk köprüsi

29 Mart 2023
1431

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz dost-doganlygyň, gülleýşiň baky mekanyna öwrüldi. Bu günki gün ajaýyp zamanamyzyň ösüşlere-özgerişlere beslenýän menzilleri dogrusynda söz açylanda, uzak geljegi nazarlaýan tutumlar, dünýä ýaň salýan täzelikler göwün guşuňy has-da ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Häzirki wagtda ulag-logistika ulgamynyň möhüm ugurlary işjeňleşýär, bu bolsa halklary hem ýurtlary, sebitleri hem yklymlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, söwda-ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyklara itergi berýär.

Ata-babalarymyzyň: «Ýodany yzlasaň ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen ajaýyp sözi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ýollar öz maksatlaryňa tarap ynamly gitmek üçin gerek! Ýollar dostluk hem doganlyk üçin gerek! Hyzmatdaşlyk hem ösüş üçin gerek! Dünýäniň abadançylygy hem halklaryň eşretli ýaşaýşy üçin gerek!.. Ine, şundan hem biziň beýik maksatlarymyz, bitirýän işlerimiziň manysy görünýändir. Elbetde, bu uly maksatlara ýetmek üçin her ýurduň öz ösüşi, öz mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn herekete getirmegi hem zerurdyr» diýip aýratyn nygtaýar. Şundan ugur alyp, Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllyk şanly sene bilen şöhratlandy. Biziň ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ilkibaşdan strategik häsiýete eýe boldy. Hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da, geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlanyldy. BMG bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär.

Ýörite habarçymyz.