Parahatçylygyň aýdyň ýörelgesi

29 Mart 2023
1481

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä ýaýylyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açylýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen deňhukukly we parahatçylykly gatnaşyklary halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna giň mümkinçilik döredip, onuň dünýäde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ilkinji we iki gezek tassyklanan döwlet hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýasy bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän, onuň iri möçberli we uzak möhletleýin halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmäge mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

Aýna ÝAZMYRADOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy.