Halkara ykrarnama

23 Mart 2023
1426

Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasynyň şu ýylyň 1-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär. Bu köptaraply dialogyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.