Parahatçylyk ýörelgelerimiziň belent ykrary

22 Mart 2023
1543

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, döwletara hyzmatdaşlygynda ýokary netijeler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän parahatçylyk we «Açyk gapylar» syýasaty häzirki wagtda uly üstünliklere beslenýär. 2007-nji ýylyň 10-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy we iş alyp barmagy, halkara hyzmatdaşlygynda netijeli gural bolup durýandygyny 16 ýylyň tejribesi tassyklady. BMG-niň tejribesinde ilkinji gezek döredilen bu sebit merkezi sebitde parahatçylygy we konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda yzygiderli tagallalary amala aşyrýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlary» diýip kesgitlenen 17 maksady durmuşa geçirmekde hem işjeňlik görkezýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça geňeşmeleriň başyny başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, olary ýurdumyzda durmuşa geçirmek işleri ylalaşylan Meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen bilelikde ýygjam iş alyp barýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.