Öňüni alyş diplomatiýasy — parahatçylygyň guraly

3 Mart 2023
1485

Dünýäde agzybirlik, jebislik, dosta wepalylyk, goňşa hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen şöhratlanan halkymyz «Goňşyň rahat bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Ynsanperwerligiň belent maksatlaryna ygrarly türkmeniň gadymy ýol-ýörelgeleri bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bähbidine gönükdirilen bitaraplyk syýasaty hökmünde giň äleme ýaýylýar. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar milli gözbaşlara daýanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň mazmunyny nobatdaky gezek dabaralandyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligi hökmünde ykrar edildi.

Asyrlaryň synagyndan geçen bir hakykat bar: dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar. Şeýle niýeti kalbyna besläp gezen türkmen mundan 31 ýyl ozal — 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň ynsanperwer häsiýetli iň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Pederlerimiziň milli paýhasyna esaslanýan Bitaraplygymyzyň döredijilik häsiýeti hem-de onuň binýadynda goýlan ýörelgeler döwletimiziň köptaraply diplomatiýasynda beýanyny tapdy. Öňüni alyş diplomatiýasy hem şeýle ugurlaryň biridir.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».