Bitaraplyk, parahatçylyk we öňüni alyş diplomatiýasy bölünmez düşünjelerdir

23 Fewral 2023
1468

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen bagly başlangyjy dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi BMG we sebit bileleşigi, ozaly bilen, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan şeýle merkeziň zerurdygyna we maksadalaýykdygyna düşünilmegine ýardam berdi.

Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 15 ýylyň dowamynda häzirki zamanyň köp sanly meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan ygtybarly binýat hökmünde özüni görkezip gelýär. Bu merkeze soňky bäş ýylyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Natalýa German ýolbaşçylyk etdi we onuň işiniň ilerledilmegi, Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda uly işleri alyp bardy. Häzirki günde hanym Natalýa German bu wezipede alyp barýan işini tamamlady. Ol indi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesinde zähmet çeker. Şunuň bilen baglylykda, sebit merkeziniň ýolbaşçysy 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, 22-nji fewralda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de onuň bilen ýurdumyzyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi.