Belent ynamyň ykrarnamasy

15 Fewral 2023
1480

Diýarymyzda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri üçin ygtybarly we durnukly hyzmatdaşa öwrüldi. Döwletimiz dünýäde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde oňyn başlangyçlar bilen öz mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde mundan beýläk-de pugtalandyrmak, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologik ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Bilbil ÝOSYÝEWA,
Adalatçynyň diwanynyň baş maslahatçysy.