Watanymyzyň halkara abraýy pugtalanýar

15 Fewral 2023
1304

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz — dost-doganlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, rowaçlygyň hem ösüşleriň mekany. Mukaddes topragymyzyň gül goýnunyň gözelligi — göwünleriň ylham gönezligi. Şu nukdaýnazardan-da, eziz Diýarymyz halkara derejesinde geçirilýän sergilerde mynasyp orun eýeleýär. Halkara sergilere gatnaşmak arkaly, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler halkara bileleşiklere giňden görkezilýär.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary aýdyň kesgitlenildi. Bu syýasat Birleşen Milletler Guramasynda giň goldaw tapýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna hem-de 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», 77-nji sessiýasynda bolsa «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamalar kabul edildi.

«Esger».