Bitaraplyk — parahatçylygyň ýoly

3 Fewral 2023
1418

Ýer togalagynda parahatçylygyň gerimini giňeltmekde we pugtalandyrmakda bitarap döwletler möhüm ähmiýete eýedir. Bu möhüm orna dünýä döwletleriniň 185-siniň biragyzdan goldamagynda we BMG-niň ykrar etmeginde Türkmenistan hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda mynasyp boldy. Bitaraplyk — türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelen ynsanperwer ýörelgesiniň miwesidir.

Garaşsyz Türkmenistanyň bitarap daşary syýasy ýörelgäni saýlap almagy, onuň parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Şol günden başlap, BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynyň öňünde dünýä döwletleriniň tuglarynyň arasynda Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlady. Bu taryhy waka tutuş dünýä bileleşiginiň Türkmenistany, onuň syýasatyny ykrar eden beýik güni hökmünde türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyzyň halkara abraýyny täze belentliklere göterdi.

Nepes SAPARNAZAROW,
«Türkmenenergo» korporasiýasynyň Daşoguzenergo önümçilik birleşiginiň maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň hünärmeni.