Parahatçylyk kepili — hyzmatdaşlygyň ýoly

17 Ýanwar 2023
1375

Dünýä ýüzünde durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmagynda galýar. Häzirki günde Ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde dialoglar arkaly özara düşünişmek, ynanyşmak netijeli gural hökmünde öňe çykdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi tutuş adamzadyň dabaralandyrmak isleýän hoş meýliniň nyşany boldy.

Bu günki günde Bitaraplygyň we parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň oňyn netijelerini eziz Watanymyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda görmegiň mümkindigi guwandyryjydyr. Biziň ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň abraýly edaralarynyň we ykdysady institutlarynyň düzümine köp gezek saýlanmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň netijeli başlangyçlarynyň, şol sanda dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň geçirijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün edýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, goldanmagy munuň aýdyň görkezijileridir.

Züleýha ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.