Bitaraplyk we ýaşlar: döwrebap talap, kämillige ymtylyş, durnukly ösüş

23 Dekabr 2022
1274

Özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 27 ýyllygyny uludan baýram etdi. Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň agza döwletleriniň 185-siniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek Bitarap döwlet diýlip yglan edildi.

Türkmenistan ýyllarboýy parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar. Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän Kararnamanyň, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna dünýä döwletleriniň birnäçesiniň goşulmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gülälek TANGIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.