Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

22 Dekabr 2022
895

Özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklar parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň, köptaraplaýyn, netijeli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 11-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awtordaş bolup çykyş etdi. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.