Parahatçylyk söýüjilik — baş taglymatymyz

21 Dekabr 2022
1000

Baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 8-ine, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan degişli Karara gol çekildi. Türkmenistanyň bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny berkidýär hem-de halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.

Halkara, sebit we milli derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşmeginiň zerurdygy sebäpli, Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ilat gaznasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Serdar BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.