Bitaraplyk bagty

21 Dekabr 2022
960

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmen Bitaraplygy has-da dabaralanýar, täze öwüşginler we mazmun bilen baýlaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ikinji gezek ykrar edilmegi, şeýle hem bu abraýly halkara guramasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi aýratyn taryhy wakalara öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwlet bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, ynsanperwerlik ulgamlarynda amala aşyrýan beýik işleri dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Mukaddes Garaşsyzlyk. Hemişelik Bitaraplyk. Parahatçylyk. Bu sözleriň aňyrsynda umman ýaly many bar. Hemişelik Bitaraplyga eýe bolan günümiz halkymyzyň ösüşli menzilleriniň täze belentligini kesgitläp, türkmen halkyny öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin örän zerur özgertmeleri durmuşa geçirmegiň badalgasy boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz häzirki wagtda 50-ä golaý halkara guramalaryň hem agzasydyr. Munuň özi oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýan ýurdumyzyň halkara derejesinde ýokary abraýa eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän umumadamzat bähbitli işler bu günki gün sebit, dünýä möçberinde giň goldawa, hormata eýe bolup, eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende galdyrýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine dürli halkara guramalary tarapyndan berilýän ýokary bahalar hem şaýatlyk edýär.

Aýbölek BABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.