He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk: döw­rüň ha­ky­ka­ty

21 Dekabr 2022
932

Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da dur­mu­şyň üp­jün edil­me­gi­niň ta­rap­da­ry hök­mün­de çy­kyş edip­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» at­ly ese­rin­de şeý­le se­tir­ler bar: «Pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­mak, asu­da­ly­gyň hem-de bol­çu­ly­gyň hö­zi­ri­ni gör­mek üçin il ag­zy­bir­li­gi ge­rek. Ag­zy­bir­lik adam­kär­çi­li­giň ka­da-ka­nun­la­ry­na ga­ra­ýyş bi­len bag­la­ny­şyk­ly ke­ma­la gel­ýän jem­gy­ýet­çi­lik ýö­rel­ge­si­dir. Pi­kir­le­riň bir­li­gi mak­sat­la­ryň bir­li­gin­den ke­ma­la gel­ýär. Her ki­şi go­wy adam bol­ma­gy, sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp, il ha­ta­ry­na goş­ma­gy ar­zuw ed­ýär. Mu­nuň üçin bol­sa ju­da ze­rur zat­lar bar, il­kin­ji no­bat­da, Ze­min­de pa­ra­hat ýa­şaý­şyň bol­ma­gy ze­rur». Diý­mek, äh­li za­dyň sa­ka­sy — pa­ra­hat­çy­lyk. Aý­dy­lan­lar­dan ugur al­sak, on­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da, döw­rü­mi­ziň be­ýik ha­ky­ka­ty­dyr.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip, has-da da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gyň we hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň, öza­ra he­re­ket­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty bar­ha giň gol­daw tap­ýar. Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da» kes­git­le­ni­len bin­ýat­lyk ýö­rel­ge­le­riň, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň, baş mak­sat­la­ryň we we­zi­pe­le­riň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin amat­ly da­şar­ky şert­le­ri dö­ret­mek, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň or­nu­ny ber­kit­mek, mil­li bäh­bit­le­ri go­ra­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar.

Gy­lyç­mu­ham­met JO­RA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.