Bitaraplyk ýörelgesiniň rowaçlanmasy

20 Dekabr 2022
896

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy toýlanýan günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamany kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy. Bu şanly wakalar ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy.

Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy» diýip, belleýşi ýaly, geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň köp sanlysy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna ýedi gezek saýlandy. Halkara we sebit guramalarynyň, döwletara hyzmatdaşlygynyň gurallarynyň ençemesiniň agzasy bolmak bilen, parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegine goşant goşdy. Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, ulag-energetika, saglygy goraýyş we ekologiýa abadançylygy baradaky konwensiýalaryň çäklerinde öňe süren örän ähmiýetli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalary dünýä bileleşiginiň iri möçberli we uzakmöhletleýin meýillerini durmuşa geçirmekde türkmen diplomatiýasynyň işjeňligini dünýä ýaýdy. Diýarymyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara forumlaryň we sergileriň guralýan mekanyna öwrüldi. Ykbal göteriji wakalar bagtyýar halkymyzy ata-baba maksat-myradyna ýetirip, ýagşy umyt, täzeçil garaýyş, joşgunly döredijilik bilen geljegi uly maksatlary nazarlamagyna itergi berdi.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.