Halk binagärçiliginiň özboluşly nusgalary

23 Aprel 2021
810

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi onuň maddy medeniýetidir. Halkyň taryhyny öwrenmekde onuň maddy medeniýetini, ýagny, ýaşaýyş jaýlaryny, egin-eşiklerini, tagamlaryny öwrenmek wajyp ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň çäklerindäki arheologik ýadygärlikler, türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň şaýatlary bolan ymaratlar, galalar, köşkler türkmen ýerlerini ilkinji siwilizasiýalaryň mekany hökmünde ykrar etdirdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Uzak geçmişde Müsüriň, Mesopotamiýanyň, Hindistanyň hem-de Hytaýyň adamzat siwilizasiýasynyň merkezleri bolşy ýaly, Marguşyň hem Gündogarda medeniýetiň örän gadymy ojagy bolandygy subut edildi».

Gündogaryň binagärlik özboluşlylygy barada edebiýatymyzda şahyrana setirler döreden Magtymguly Pyragy «Beýik binalar görner» diýmek bilen, pikirini şygra siňdiripdir.

Maýa BEKNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy