Sungatyň goşa çynary

23 Aprel 2021
1283

Milli sungatymyzda özboluşly yz goýan bagşy-sazandalar az däl. Şolaryň biri-de Sygan bagşy lakamy bilen belli Orazgeldi Ylýasowdyr. Ol çagalygyndan aýdym-saza höweslenip başlaýar. Ol entek 5-6 ýaşly çagajykka özi ýaly deň-duş çagalaryň oýnaýan çaga oýunlary däl-de, aýdym-sazyň şirin owazy özüne maýyl edýär. Şeýdibem, ol çagalygyndan obadaşy Sary Bäşimden aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň inçe ýollaryny öwrenip başlapdyr.

Ol 12 ýaşlaryndaka Bäherdeniň halypa-sazandalary Oraz Amanmyrat, Baýramgeldi Sazak, Nazar Annamuhammet, Meret Mämmet, Orazberdi Allaberdi dagy bilen ýakyndan tanşyp, ýygy aragatnaşyk saklap, aýdym-saz bilen meşgullanmaga başlapdyr. Geljekki ussat bagşy tutuş düýrmegi bilen aýdym-saza berlip, ýaňy aýdym aýdyp ugran wagtlary bagşy Hommat Jelilow bilen ýygjam aragatnaşyk saklapdyr.

Serdar ORAZBERDIÝEW,
Bäherden şäheriniň H. Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, sazanda