Halypalyga ýeten atşynas

23 Aprel 2021
1317

Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» kitabynda bedew atlary ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Eziz Arkadagymyz: «Tebigatyň emri bilen sahawatly Ahal oazisi gadymy türkmen bedewleriniň mesgen tutmaly ýerine öwrüldi. Şol atlaryň özlerinde gizläp saklan mümkinçiliklerini bolsa gadymy türkmen halky ýüze çykardy, kemala getirdi. Şunluk bilen, şol atlar dünýä meşhur ahalteke bedewleri bolup ýetişdiler» diýip belleýär.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumunyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýew halypa seýisleriň biri. Golaýda onuň bilen söhbetdeş bolmak bize miýesser etdi. Bäşimdurdy aga öý salgysyny owaldan ýatladypdy. Men ir säher bilen olara baranymda, öňümden 6-7 ýaşlaryndaky oglanjyk ylgap çykdy. Ol ýanyma geldi-de, iki elini uzadyp, edepli salamlaşdy. Soňam ylgap öýe girdi-de, atasyna nätanyş myhmanyň öýe gelendigini duýdurdy. Öý eýesi az salymdan ardynjyrap, öýden çykdy. Biz salamlaşyp, hal-ahwal soraşdyk. Şol pursat bedewiň kişňän sesi giň howla ýaňlanyp gitdi. «Bedew diýeniň duýgur bolýar, bu onuň öýe myhman gelendigini aýtdygydyr» diýdi-de, Bäşimdurdy aga myssa ýylgyrdy. Az salym Bäşimdurdy aga bilen giň howla gezim edip, atlary synladym. Soňra çaý başynda mesaýy gürrüň gyzyşdy. Bäşimdurdy aga bilen söhbedimiz dessine bedewlere syrygdy. Özüniň 50 ýyla golaý ömrüni ahalteke atlaryna bagyş edendigini ýaňzydan Bäşimdurdy aga özge seýislerden, atşynaslardan görüp-eşidenlerini, öwrenen zatlaryny gürrüň berdi. Geçmişde bedew atlary seýisläp ýetişdiren ussat atşynaslaryň, seýisleriň bolandygyny ýatlady. Aba seýis, Pürsähet seýis, Japy seýis, Gaýyp seýis dagynyň atlaryny buýsanç bilen nygtady. Bäşimdurdy aga hem ussatlaryň döreden seýisçilik sungatynyň täsin gymmatlyklaryny öwrenip, öz işinde ulanypdyr.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň mugallymy