Kadalary berjaý ediň, sagdyn boluň!

23 Aprel 2021
980

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.

Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlaşdyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de, şu günler howanyň düzüminde tozan bölejekleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly, häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, 2 metr howpsuz aralygy saklamaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi