Jümle-jahan habarlary

23 Mart 2021
1677

Jennet guşy

Jennet guşlarynyň beýleki görnüşleri ýaly, bu guş hem adatdan daşary owadanlygy bilen tapawutlanýar. Suratdan görnüşi ýaly, olaryň horazlarynyň ýiti reňkli ýelekleri bolýar. Olar Awstraliýanyň we Täze Gwineýanyň tokaýlarynda we daglyk ýerlerinde ýaşaýarlar. Bu guşlaryň agramy ortaça 200 grama barabardyr. Olaryň agaçlaryň şahalaryna aňsatlyk bilen ýapyşmaga mümkinçilik berýän, uzynlygy ortaça 12 millimetre ýetýän dyrnaklary bardyr. Bu täsin guşlar uçan wagtlarynda olaryň ganatlary şakyrdap ses edýär. Olar agaçlaryň miweleri, kökleri, ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýärler.