Döwrebap çözgütler

21 Mart 2021
1502

Döwrümiziň hem-de geljegiň möhüm wezipelerini berjaý etmäge gönükdirilen aýdyň çözgütleriň bir bölegi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde jemlenýär. Häzirki döwürde diňe bir ählitaraplaýyn ösüş-özgerişleri däl, eýsem, bütin durmuşymyzy hem sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryna daýanyp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň şu günki we geljekki ösüşleri üçin wajyp şertleriň biridir. Hut şonuň üçinem, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşjak döwrebap sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Eziz Watanymyzyň taryhy ösüşlere beslenýän zamanasynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy-tehniki we innowasion işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilim we ylym edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda esasy köpri bolup hyzmat edýär. Bilim we ylym edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Talyp ýaşlar sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorundan işjeň peýdalanýarlar.

Meýlis ALLAMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.