Iýmit galyndysyny döküne öwürýän robot

7 Mart 2021
1318

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işlenip taýýarlanan robot öýde üýşen iýmit galyndylaryny toplap, olary peýdaly döküne öwrüp bilýär.

Iýmit galyndylarynyň aglaba bölegi dürli ýollar bilen ýene-de tebigata birigýär. Ýöne ýöriteleşdirilen robot bu aýlanyşygy has çaltlandyrýar. Netijede galyndylary 24 sagatdan soňra bakja ekinleri üçin ýokumly dökün hökmünde ulanyp bolýar. Ol öý şertlerinde güldanda ýetişdirilýän ösümliklerdir otag gülleri üçin has-da ýaramly.

Maksatmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.