Sanly bilim — kämilligiň binýady

19 Fewral 2021
1626

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Maral ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.