Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

26 Ýanwar 2021
1229

Türkmenistan döwletimiziň ýöredýän oňyn syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda hakyky nusga bolup, özüniň netijeliligini görkezdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň ençeme gezek wise-başlyklygyna saýlanylmagy, olarda hormatly Prezidentimiziň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi, goldanylmagy munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly Türkmenistan döwletimiz taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Ösen senagaty, innowasiýalary, ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryny ugur edinýän önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli ösdürýän döwlete öwrüldi.

Arzygül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.