Şanly ýyly üstünliklere beslemek ugrunda

23 Ýanwar 2021
1346

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen welaýat birleşmeleriniň arasynda wideoşekilli maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň içeri hem-de daşary syýasatyny, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda öňde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin söhbet edilen maslahatda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmeli çäreleriň ýokary derejelere beslenmelidigi aýratyn nygtaldy. Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly halkyň arasynda giňden wagyz etmek işleri möhüm wezipeleriň hatarynda goýuldy. Ýaşlaryň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny, şeýle-de maşgala gymmatlyklaryny wagyz etmegiň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda, ata Watanymyzyň bedew bady bilen okgunly öňe gitmeginde dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyza alkyş aýdyldy.

Oguljennet ORAZOWA,
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».