Zenan sarpasy

22 Ýanwar 2021
1214

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde her bir maşgala ojagynyň görki bolan zenanlarymyza uly sarpa goýulýar. Çünki gender deňligi — durmuşyň ähli ugurlarynda aýallara, şeýle hem erkeklere deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.

2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanylandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminama bolup durýar.

Aýna Tangyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.