Merdanalygyň belent sarpasy

22 Ýanwar 2021
1329

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik babatda bize görelde bolup durýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda gahrymançylyga beslenen baý taryhymyzy, pederleriň beýik watançylyk mekdebini, Garaşsyz döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň geçen ýoluny örän ussatlyk bilen seljermek hem-de beýan etmek bilen, bagtyýar ildeşlerimiziň watansöýüjilik duýgusyny joşdurýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden we ruhy taýdan kemala getirmek, bilim almaga, hünär edinmäge bolan hukuklary amala aşyrmak ýaly ugurlara uly ähmiýet berilýär.

Halkymyz Watany owal-ahyr beýik mukaddeslik saýyp, nesillerini hut şu ruhda terbiýeläpdir. Mukaddeslik ähli sarpalanýan, hormatlanýan, eziz saýylýan zatlary öz içine alýar. Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly, olaryň goragy-da mukaddesdir. Her ýylyň 27-nji ýanwarynyň Watan goragçylarynyň güni hökmünde giňden, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýedir.

Garrybaý AŞYROW,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrapkazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.