Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

21 Ýanwar 2021
2064

Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ähli şertleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmekligiň teklip edilmegi hem parahatçylygyň adamzat üçin iň zerur şertleriň biridigini doly subut edýär.

Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi hemişelik Bitaraplygymyzyň daşary syýasatymyzdaky beýanydyr. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklara giň orun berýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär. Munuň düýp özeninde bolsa taryhy kökler, milli durmuş aýratynlyklary hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ýörelgeleri mynasyp orny eýeleýändir. «Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.