Parahatçylygyň arzyly ýoly

18 Ýanwar 2021
1277

Parahatçylygyň, ösüşiň we ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary amala aşyrýan baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ýylymyz hem ýurdumyzyň durmuşynda halkara derejesinde bitirilen beýik işler bilen taryhyň altyn gatyna ýazyldy. Şunda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz — parahatçylygyň arzyly ýoly bolup durýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, demokratik başlangyçlaryň ösdürilmegi, halkymyzyň maddy, ruhy-medeni durmuşynyň has-da baýlaşdyrylmagy ähli ugurlardaky ösüşlerimize kuwwatly itergi berdi. 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratik ýörelgelere pugta eýermek bilen, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär, asudalygy, abadançylygy pugta berjaý edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyz beýleki ýurtlar bilen dostluk, birek-biregi çuňňur hormatlamak we ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda döwletara gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirýär, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň aýdyň ýoluna düşen Diýarymyz bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýa goýumyny işjeň çekmek bilen, dünýä we milli tejribäni utgaşdyryp, hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär.

Kasymberdi DURSUNOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.