Resmi habarlar gysga setirlerde

16 Ýanwar 2021
1644

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi olaryň bellenen işgär sanyny üýtgetmezden ýapyldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.