Parahatçylyk — baky abadançylyk

15 Ýanwar 2021
1400

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde berkarar Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine eýe boldy. Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 25 ýylyň dolmagy bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşynda möhüm wakalar boldy.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi bütin Ýer ýüzünde taryhy waka öwrüldi. 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisi bolup geçdi. Onda döwlet Baştutanymyz çykyş edip, umumadamzadyň baş wezipesi bolup durýan dünýä ähmiýetli meselelere halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Seýilbaý SOPYÝEW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.