Baky bagtyýarlygyň Diýary

14 Ýanwar 2021
1154

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz gözümiziň alnynda ösüp, tanalmaz derejede özgerýär. Ýurdumyzyň ösüşlerini halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygynyň, ýaş nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň belent ýaňlanýandygynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Eziz Diýarymyzda höküm sürýän asudalygyň, abadan durmuşyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr. Şeýle eşretli durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek, gurmak, döretmek Arkadagly döwrümiziň ildeşlerimize eçilen ajaýyp peşgeşidir.

Bu gün Diýarymyzyň ähli sebitleri gyradeň ösýär. Prezident Maksatnamasy esasynda gurulýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalar sebitleriň mundan beýläk-de özgermegine, döwrebap keşbe girmegine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Kaka etrabynda hem iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygy bizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda etrap merkezinde gurluşygy alnyp barylýan iri dokma toplumyny, Gowşut geňeşliginde gurulýan täze, döwrebap obany agzamak örän ýakymlydyr.

Ogulgerek GURBANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.