Dünýä derejeli ösüşler

14 Ýanwar 2021
1536

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürdi. Dünýäde ykrar edilýän milli Liderimiziň ulag diplomatiýasy, suw-ekologiýa diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy ýurdumyzda, şol bir wagtyň özünde dünýä döwletleriniň ençemesinde önümçiligiň artyp, ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagyna, iş orunlaryň köpelmegine, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine giň mümkinçilikler döredýär.

Arkadagly eýýamymyzyň dünýä ähmiýetli ösüşleri baky Bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslenýär. Ol ösüşler milli Liderimiziň ösüş arkaly parahatçylyk taglymatynyň buýsançly beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisi hem taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ösüşlerimiziň nobatdaky sahypasyny ýazdy.

«Adalat».