Eziz Watanymyzyň parahatçylyk ýoly

14 Ýanwar 2021
1508

Parahatçylyk atly beýik ýörelgäniň özenini düzýän adalatlylyk, agzybirlik, düşünişmek, hormat-sarpa türkmen halkynyň ata-baba zandynda bar häsiýetlerdir. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň dünýä ýaýýan parahatçylyk taglymatynyň esasynda birek-birege uzan dostlukly gollarda geljekki ösüşlere bolan beýik ynam, egsilmez ruhy güýç bar. Ýer ýüzüne parahatçylyk ýörelgesini ýaýmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdugyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly adamzadyň ömrüniň manysyna öwrülen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebit we ählumumy derejede abadançylygy hem-de ösüşi üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýandygyny hemişe nygtaýar. Baky Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen giň gatnaşyklary ýola goýmagy ugur edinýär. Şolaryň hatarynda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, sebit we dünýä boýunça energetika howpsuzlygynyň täsirli gurallaryny döretmek, durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, ykdysady, ynsanperwer hem-de ekologiýa taslamalaryny ilerletmek wezipeleri bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasatymyz diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasatynda netijeli ýörelge bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde-de täsirli ýörelgä öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň sebitde we dünýäde ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge, olary diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmaga çalyşýandygyny görkezýär. Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň binýadynda halkara gatnaşyklary ulgamyndaky täsirli ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň has-da rowaçlanýandygyny 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty we onuň dowamynda BMG-niň düzümleri bilen 2020-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmek babatda Iş meýilnamalaryny öz içine alýan birnäçe resminamalara gol çekilmegi ýene bir gezek aýdyň tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň halkara forumda eden çykyşyndan mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara hukugynyň esasy ýörelgeleri bolan parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň özygtyýarlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak düzgünlerini kesgitledi. Ýeri gelende bellesek, bu halkara maslahata gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi milli Liderimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny, şeýle hem dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdylýar. Taryhy Kararnama dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň, dostluk-doganlygyň hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gadyr-gymmatyny bilmäge Ýer ýüzüniň ähli päkýürekli ynsanlaryny çagyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan karar kabul edildi. Munuň özi 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň logiki yzygiderliligidir. Çünki «Bitaraplyk» diýen düşünje bilen «Parahatçylyk» düşünjesi bölünmesizdir. Diňe bir geçen ýylyň dowamyna ser salanymyzda hem, ýurdumyz dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, halkara bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegini gazandy, parahatçylyk babatda adamzadyň möhüm wezipeleriniň netijeli çözülmegine uly goşant goşdy. Çünki parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr we dünýä jemgyýetçiliginiň aýdyň maksadydyr. Türkmenistanyň parahatçylyk diplomatiýasy dünýä döwletleri bilen bir maksada gulluk etmäge, ählumumy derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge özboluşly çagyryşdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk sungatynyň — türkmen diplomatiýasynyň abraý-mertebesini, ähmiýetini has-da belende galdyryp, ýokary ykrarnama eýe edýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.