Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

13 Ýanwar 2021
1182

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.